Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Howanyň üýtgemegi Ýakyn Gündogary ýaşaýyş üçin ýaramsyz edýär

16:4122.08.2024
0
7845
Howanyň üýtgemegi Ýakyn Gündogary ýaşaýyş üçin ýaramsyz edýär
Surat: sb.by

Howanyň üýtgemegi Ýakyn Gündogary ýaşaýyş üçin ýaramsyz edýär diýip, Halkara gatnaşyklary boýunça Geňeşiň bilermenleriniň «Foreign Policy» žurnalynda çap edilen makalasynda aýdylýar. Bu barada «Trend» ýazýar.

«Howanyň üýtgemegi Ýakyn Gündogary durmuş üçin ýaramsyz edýär. Bu tomusda sebitde elhenç yssy howa hasaba alyndy, onuň netijeleri bolsa, bütin dünýä ýaýraýar» diýlip, makalada bellenýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, iýulyň ortasynda Dubaýda howanyň derejesi 62 gradusa deň boldy. Iýunyň ahyrynda Saud Arabystanynyň Mekge şäherinde 51 gradus yssy hasaba alyndy, netijede, 1 müň 300 adam heläk boldy.

Mundan başga-da, Bütindünýä Bankynyň bahalandyrmasyna görä, 2050-nji ýylda suwuň ýetmezçiligi sebitiň jemi içerki önümini 14 göterime çenli peselder.

ÝUNISEF guramasynyň hasabatynda bolsa, 2025-nji ýylda Müsür suwsuz galyp biler diýlip, bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň