Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

06:3015.08.2024
0
7029

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, neşiriň ilkinji sahypalarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglyk güni, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy, Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

“Täze ylmy açyşlar” atly bölümde ýerleşdirilen makalada şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoly barada gürrüň berilýär. Makalada beýik söz ussadynyň döredijiliginden, onuň terjimehalyny öwrenen alymlaryň ylmy-barlag işlerinden köp sanly maglumatlar getirilýär.

“Magtymgulynyň we Nesiminiň çeper pikirlenmelerindäki umumylyklar we aýratynlyklar” atly makalada türki dilli edebiýatyň pikir-estetiki çeşmä öwrülmegine Nesiminiň öz döredijiligi bilen saldamly goşant goşandygy nygtalýar.

Žurnalyň “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde Oksford uniwersitetiniň professorynyň “Magtymgulynyň liriki goşgulary” atly makalasy okyjylara hödürlenipdir. Awtor şahyryň dürli žanrlardan, edebiýat görnüşlerinden alnan birnäçe täsirleri başarjaňlyk bilen birleşdirýändigini nygtaýar. Alymyň pikiriçe, Pyragynyň goşgulary nusgawy türki poeziýasyndan tapawutlanyp, türkmen edebiýatyna aýdyň gapylary açýar.

Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory, akademik, filologiýa ylymlarynyň doktory A.Akmataliýewiň bu bölümde ýerleşdirilen “Magtymguly we gyrgyz şygryýeti” atly makalasy hem okyjylarda uly gyzyklanma döretse gerek. Makalada Magtymgulynyň eserlerinde öňe sürülýän pikirleriň gyrgyz şahyrlarynyň şygyrlarynda-da öz mynasyp beýanyny tapýandygyna aýratyn üns çekilýär. Muňa mysallary getirmek bilen, awtor dünýägaraýyşlary, şygryýet dili, çeper tärleri boýunça gyrgyz ozançy şahyrlary bilen dana Pyragynyň arasynda käbir meňzeşlikleriň bardygyny belleýär.

Žurnalyň sahypalarynda Jawzjan uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymynyň “Owganystanda Magtymguly Pyragynyň öwrenilişi” atly makalasy hem ýerleşdirilipdir.

Däp bolşy ýaly, neşiriň nobatdaky sany jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyň wakalaryna syn bilen tamamlanýar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çaphana usulynda neşir edilen “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany köpöwüşginli fotosuratlar bilen bezelipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň