Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyby ÝUNESKO-nyň bäsleşiginde ýeňiji boldy

17:1414.08.2024
0
9873

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukuk we halkara gatnaşyklar fakultetiniň talyby Abdyleziz Sarýew ÝUNESKO-nyň üçünji halkara «Bilimde emeli aňy ulanmagyň etikasy» taslamasynda «Iň gowy pikir we çemeleşme» ugrundan ýeňiji boldy.

ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Gazagystan Respublikasynyň Milli topary, Bütindünýä ÝUNESKO klublar we assosiasiýalar federasiýasy, Yslam bilim, ylym we medeniýet guramasy (ISESCO), şeýle hem Gazagystanyň ÝUNESKO klublarynyň milli federasiýasy tarapyndan guralan taslamanyň jemleýji tapgyry 12 – 14-nji awgust aralygynda Almaty şäherinde geçirildi. Türkmenistanly talyp bäsleşige gatnaşyjy 52 ýurtdan baran talyplar bilen çynlakaý bäsleşdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, halkara taslamasyna gatnaşyjylar öz ýurtlarynda emeli aň pudagyndaky işlerini hödürlediler we pudakda häzirki temalary durmuşa geçirmek üçin tekliplerini berdiler.

Jemleýji ses berişligiň netijelerine görä, Türkmenistandan, Müsürden we Gonkongdan baran gatnaşyjylaryň işleri iň gowulary diýlip saýlandy.

Jemleýji bölümde «Iň gowy pikir we çemeleşme», «Iň gowy çykyş eden» we «Iň gowy tanyşdyryş» baýraklary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň