Top.Mail.Ru

Oktýabrda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär

23:3209.08.2024
0
9193

Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün Astanada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam Türkmenistan–Gazagystan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Onuň wekilleri yzygiderli duşuşýarlar we iki ýurtda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýarlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, şu ýylyň 25-27-nji iýunynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynda Medeniýet günleriniň geçirilendigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylygyň, deňhukuklylygyň, özara hormat goýmagyň we goldamagyň berk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Häzirki döwürde türkmen-gazak hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda giň mümkinçilikleriň bardygy, olaryň durmuşa geçirilmeginiň özara bähbitlere hyzmat etjekdigi nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň