Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada ulag ulgamyny ösdürmäge çagyrdy

16:5409.08.2024
0
7929

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün, 9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmagyň sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygy barada aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şunda ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň pikirine görä, geografik, logistika we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly, sebitiň bu işlere öz wagtynda hem-de netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr.

Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag özara baglanyşygynyň güýçlendirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Türkmen döwletiniň Baştutany bu ugurda edilmeli köp iş bardygyny aýtdy we agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.

Häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda bu döwletleriň eýeleýän orny ýokarlanýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, şeýle hem bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr.

«Şeýle ulgam ýurtlarymyzy dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir» diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady.

Şeýle hem söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleleriň hem ünsden düşürilmeli däldigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň