Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna çagyrdy

16:4809.08.2024
0
9218

Şu gün Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanda saparda bolýar.
Duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti sammite gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem bu saparyň ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek nukdaýnazaryndan ähmiýetini belläp geçdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

— Gazagystan-Türkmenistan gatnaşyklary üstünlikli ösýär we strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär. Köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklarymyzy berkitmek üçin berýän goldawyňyz üçin size minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Öň hem aýdyşym ýaly, ykdysady hyzmatdaşlyk ýokary derejede ösýär. Hökümetler özara söwdanyň mukdaryny 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak üçin iş alyp barýarlar. Ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli mümkinçilikleri bar. Energetika, senagat, ulag, logistika we beýleki ugurlar boýunça birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Özara medeni we ynsanperwer alyş-çalyş üçin amatly şertler döredilýär — diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
— Türkmenistan Gazagystan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Ýurtlarymyzyň arasynda işjeň syýasy gepleşikler ýola goýuldy we söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklar ösdürilýär — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini güýzde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşykda döwlet Baştutanlary söwda, ykdysady, energiýa, nebit-gaz, ulag we logistika ugurlarynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň