Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindi obasynyň ýaşaýjylary gaýdyp gelen itiň hormatyna baýramçylyk guradylar

18:1807.08.2024
0
9654
Hindi obasynyň ýaşaýjylary gaýdyp gelen itiň hormatyna baýramçylyk guradylar
Kentekrani.com

Hindistandaky obalaryň biriniň ýaşaýjylary ýiten we soňra gaýdyp gelen itiň şanyna uly baýram guradylar diýip, «Goodnews Network» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Habar beriş serişdeleri dolanyp gelen iti obalylaryň şatlykly gygyryşyp garşylandyklaryny ýazýar. Olar köpegi baýramçylygyň geçýän ýerine çenli şatlyk-şowhun bilen ugratdylar. Köpegiň öň goňşy ştatdaky zyýarat wagty ýitendigi, emma onuň 300 kilometr ýol geçip, obasyna gaýdyp gelendigi habar berilýär. «Men ony hemme ýerden gözledim, emma tapyp bilmedim» diýip, itiň eýesi gürrüň berýär.

Eýesiniň aýtmagyna görä, iti obalylaryň ählisi tanaýar hem-de gowy görýärler. Şonuň üçin ol ýitende, hemmeler gynandylar. Indi hindistanly ýagdaýyň ýene gaýtalanmazlygy üçin itine berk gözegçilik etjekdigini gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň