Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar tikensiz bägül ýetişdirdiler

10:1306.08.2024
0
7733
Alymlar tikensiz bägül  ýetişdirdiler
MIR 24

Alymlar tikensiz bägül ýetişdirmegiň usulyny tapdylar. Ylmy barlaglar bu ösümlikde tikenleriň ösmegine genleriň gadymy maşgalasynyň sebäpkärdigini görkezdi. Ol dürli görnüşlerde, ewolýusion bölünmegiň millionlarça ýyllar dowam edendigine garamazdan, saklanyp galypdyr.

Nýu-Ýorkdaky Kold-Spring-Harbor laboratoriýasynyň alymlar topary öýdekileşdirilen tikensiz badamjanyň tikenli urugdaşy bilen genomyny deňeşdirip gördüler, ol LOG genler maşgalasyny ýüze çykardy. LOG genleri bölünmäge we öýjükleriň ösüşine sebäp bolýan gormonlar üçin jogap berýär. Bu genomlaryň özgerdilmesi badamjanlarda tikenleriň ýok bolmagyna getirdi.

Soňky barlaglar ösümlikleriň 20 görnüşindäki tikenleriň hut şu genler bilen baglydygyny görkezdi. Netijede, bu genomlaryň redaktirlenmegi alymlara tikensiz üzüm hem-de bägül ýetişdirmäge mümkinçilik berdi.

Tikenler ösümliklere ot iýijilerden goranmaga kömek edýär, emma olar oba hojalykda päsgelçilik döredýär. Täze ylmy açyş azyklyk we bezeg ösümliklerinde tikenleri aýyrmaga kömek eder.

Bu barada «Science» ylmy žurnalyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň