Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Modi: Hindistan bütindünýä azyk howpsuzlygy babatda çözgütleri teklip edip biler

13:0105.08.2024
0
7000
Modi: Hindistan bütindünýä azyk howpsuzlygy babatda çözgütleri teklip edip biler
NBC News

Azyk howpsuzlygy babatda öň bütin dünýäde ynjalyksyzlanma döredip gelen Hindistan indi ählumumy azyk we iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek barada çözgütleri teklip edip bilýän ýurtda öwrüldi. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi aýtdy diýip, TASS habar berdi.

Modi Hindistanyň soňky gezek ykdysadyýetçi-agrarileriň halkara maslahatyny mundan 65 ýyl öň geçirendigini ýatlady. Onuň sözlerine görä, şol döwürde Respublika azyk we oba hojalyk pudagynda agyr ýagdaýy başdan geçirýän täze garaşsyz ýurtdy.

"Bu gün Hindistan azyk harytlaryny bol öndürýän döwletdir, ol süýt, kösükli önümler, däne, miwe, gök-bakja, pagta, şeker, çaý, balyk önümçiligi boýunça dünýäde ikinji orunda durýar" diýip, Modi nygtady. Ol öz ýurdunyň azyk ulgamyny üýtgedip gurmakdaky tejribesiniň ählumumy Günorta üçin bähbitli boljakdygyna umy bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň