Top.Mail.Ru

Eýranly diplomat Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna gymmatly neşirleri sowgat etdi

12:3105.08.2024
0
10148

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy. Nawid Rasuli saparynyň dowamynda Döwlet kitaphanasynyň bölümleriniň işi bilen giňden tanyşdy hem-de birnäçe neşirleri sowgat hökmünde gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Sowgat berlen neşirleriň arasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki medeni merkezi tarapyndan taýýarlanylan 15 sany golýazmany öz içine alýan iki jiltlik kitap aýratyn orun eýeleýär. Mundan başga-da, Nwaid Rasuli 10000 sözden ybarat bolan parsça-türkmençe sözlügi we türkmençe-parsça gepleşik sözlügini, 30 sany gadymy pars ertekilerini sowgat etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň