Hüjümçi Musa Nurnazarow jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan «Rawşan» futbol topary bilen hoşlaşandygyny mälim etdi.
Topar bilen şu ýylyň mart aýynda şertnama baglaşan futbolçy bu aýralygyň sebäbini özüne ýeterlik oýun wagtynyň berilmeýänligi bilen düşündirdi.
Nurnazarow toparyň janköýerlerine ýüzlenmesinde bu netijäniň özüne baglydygyna aýratyn ünsi çekdi. Ol toparda oýnan aýlarynda özüne berlen goldaw üçin ähli topardaşlaryna, tälimçilerine we janköýerlere hoşallyk bildirdi.
Musa Nurnazarow «Rawşana» Marynyň «Merwinden» geçipdi. Ol Kulýab şäheriniň toparynda çykyş eden gysga wagtynyň dowamynda Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna mynasyp bolmagy başardy.