Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow Eýrana iş sapary bilen bardy

12:5630.07.2024
0
5364

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanylan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipe girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin, Tährana bardy. Dabaranyň şu gün Eýran Parlamentinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ol Eýranyň Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan Pezeşkianyň döwlet Baştutany hökmünde tassyklanmagyndan soň geçiriler diýip, «Mehr» habar berýär.

Raşid Meredowyň sapary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 26-njy iýulda hökümet mejlisinde gol çeken buýrugy esasynda amala aşyrylýar. Eýran Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň we hyzmatdaşlarynyň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň