Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşdy.
29-njy iýulda bolan duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar degişli şertnamanyň güýje girmeginiň ähmiýetini belläp, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
BMG-niň esas goýujy halkara resminamalarynyň we konwensiýalarynyň, şeýle-de ýaragsyzlanmak çygrynda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistanyň sebit hem-de ählumumy derejede bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi bellenilip geçildi.
Taraplar Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy tarapyndan guralýan okuw sapaklaryna we maslahatlara milli hünärmenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de tehniki goldaw bermek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.