Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak Çeper halyçylyk kärhanasynyň taslamalary bilen tanyşdy

02:1729.07.2024
0
11622

Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Milli Lider bu ýerde guruljak Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegi, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar diýip, Gahryman Arkadag belledi we görkezilen taslamalar babatda birnäçe bellikleri aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurulýan desgalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow desgalaryň daşky bezeg aýratynlyklary, olarda ulanylýan mermer daşlarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadag görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, desgalaryň bezeg işleriniň, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurulýan desgalarda ýurduň bäş welaýatynyň özboluşly aýratynlyklaryna mahsus reňk sazlaşygynyň emele getirilmeginiň, her welaýata degişli senetçilik aýratynlyklarynyň görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu babatda ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaş ýurtlardan getirilýän mermer we beýleki bezeg daşlarynyň ýurduň telekeçileri tarapyndan gaýtadan işlenilip, zerur bolan şekilleriň döredilmeginiň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, ýerli işewürleriň elinden çykan bezeg daşlarynyň we germewleriň täze desgalaryň gurluşygynda, timarlaýyş işlerinde ulanylmagyny oňlady. Gurluşyk işleri bilen bir hatarda, desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna, içki we daşky bezeg aýratynlyklaryna, dynç almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine ähmiýet berilmelidir. Aýratyn-da, bu ýerlerde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanylmalydyr.

Hormatly Arkadag önümçilik toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Liderine şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň, şol sanda Çeper halyçylyk kärhanasynyň taslamalary görkezildi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigi nazara alnyp, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň bu ugra gönükdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň binagärlik keşbi, onuň ekologik derejesi şähergurluşyk maksatnamasynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Şäheriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde derwaýys ähmiýeti bolan önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň enjamlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna hem örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, Gahryman Arkadag bu işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň