Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy

14:4627.07.2024
0
10494
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy
Surat: un.mission.gov.tm

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde sebitleýin we sebitara guramalaryň ornuna bagyşlanan açyk çekişme guraldy. Russiýa Federasiýasynyň başlyklyk etmeginde 19-njy iýulda geçirilen duşuşykda BMG-niň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) ýaly iri düzümler bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Aksoltan Ataýewa resmi Aşgabadyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapdarydygyny we BMG-niň guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Ilçi Türkmenistanyň sebit diplomatiýasynyň gurallaryny wagyz etmekdäki işjeň ornuny we ýurduň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny nygtady. Şeýle-de Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Mundan başga-da, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde guralan çekişmede sebit guramalarynyň diňe bir ýerli däl, eýsem, ählumumy meseleleri çözmekde barha uly orna eýe bolýandygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň