Türkmenistan Owganystanyň Aşgabatdaky wekilini resmi taýdan tassyklady

12:0227.07.2024
0
6734
  Türkmenistan Owganystanyň Aşgabatdaky wekilini resmi taýdan tassyklady
Surat: mfa.gov.tm

26-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Fazal Muhammed Sabire onuň Owganystanyň Türkmenistandaky Işeri wagtlaýyn ynanylan wekildigini tassyklaýan resminamany gowşurdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, owgan diplomaty birnäçe ýyllaryň dowamynda Aşgabatda öz ýurduna wekilçilik edýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki doganlyk döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli halkara energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Şunda, ilkinji nobadatda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyna, şeýle hem Türkmenistandan Owganystana çenli demir ýolunyň gurluşygyna üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň