Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

23:0026.07.2024
0
1045

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Esasan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Şeýle hem deputatlaryň gatnaşan we gatnaşýan çäreleri barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de resminamany wise-premýer B.Annamämmedowa sanly ulgam arkaly iberip, birnäçe tabşyryklary berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň