Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Stambulda azerbaýjan mekdebi açylar

11:4827.07.2024
0
8449
Stambulda azerbaýjan mekdebi açylar
Surat: report.az

Türkiýäniň Stambul şäherinde azerbaýjan mekdebini açmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň parlamentiniň deputaty, Türkiýe-Azerbaýjan parlamentara dostluk toparynyň başlygy Şamil Aýrym habar berdi diýip, «Report.az» ýazýar. Täze bilim edarasy Türkiýäniň bilim maksatnamalaryna laýyklykdaky ulgam esasynda işlär.

«Biz öz watandaşlarymyzyň çagalarynyň we agtyklarynyň Stambulda kanuny esasda bilim almagy üçin goldaw berdik we berýäris. Mysal üçin, şäherde resmi däl esasda hereket edýän birnäçe azerbaýjan mekdepleri bar. Emma ýakyn wagtda Stambulda şeýle mekdep kanuny esasda işläp başlar, bu iki doganlyk ýurduň dostlukly gatnaşyklaryna laýyk gelýär» diýip, deputat nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň