«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 6-njy sentýabrda geçiriler

11:1727.07.2024
0
3867
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 6-njy sentýabrda geçiriler
Surat: turkmenistan.gov.tm

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Karara laýyklykda, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny şu ýylyň sentýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda, bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlary guramaçylykly geçirilip, olara 1011 çagadan ybarat, jemi 64 döredijilik topary hem-de ýaş aýdymçy çagalar gatnaşdylar. Bäsleşigiň tapgyrlarynda Watany, ajaýyp döwri wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si saýlanylyp alyndy hem-de jemi 361 çaga döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryny şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeniýeti we sungaty ösdürmek, ýaş nesillerde sungata bolan söýgini döretmek, olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen, ýurtda aýdym-saz we döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny geçirmek bilen bagly teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň