Top.Mail.Ru

«Gülüň owadan» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

17:5421.07.2024
0
5959

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ýurduň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi.

Welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda geçirilen bäsleşige şäherdir etraplardan ussat keçeçi gelin-gyzlar gatnaşdylar.

«Gülüň owadan» bäsleşigine gatnaşýan gyz-gelinler ata-babalardan miras galan keçe sungaty hakynda – keçe basmagyň aýratynlyklary, ýüň saýlanylyşy, ýüňleri reňklemek, olaryň daralyşy, gamyş dokalyşy barada gürrüň bermek, ýüňi pişgeläp, keçäni güllemek ýaly iş pursatlaryny görkezmek, keçe bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlary, yrymlary we däp-dessurlary aýdyp bermek ýaly şertler boýunça çykyş etdiler.


Netijede, Türkmengala etrabyndan Ogulgerek Şakulyýewa 1-nji, Mary etrabyndan Ogulnur Muhammetsaparowa 2-nji we Tagtabazar etrabyndan Äşe Öwezekowa 3-nji orunlara mynasyp boldular. 1-2-nji orunlary eýelänler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň