Raşid Meredow Eýranyň täze saýlanylan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

22:2326.07.2024
0
4885

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş goňşy ýurtlarynyň biriniň Eýran Yslam Respublikasydygyny belledi. Şunda iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýandygy barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanylan Prezidentiniň şu ýylyň 30-njy iýulynda resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň inaugurasiýa dabarasyna öz wekilçilikli toparlarynyň gatnaşjakdygyny azyndan 60 ýurt tassyklady.

Masud Pezeşkiýan Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi 28-nji iýulda saýlanan Prezidenti tassyklamak barada Karara gol çekenden soňra, 30-njy iýulda Mejlisiň jaýynda kasam kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň