EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi "Serahs" AYZ-iň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy

13:4826.07.2024
0
9128

Ulag mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani Eýrandaky "Serahs" aýratyn ykdysady zolagyna, şeýle hem türkmen-eýran "Dostluk" bendine we Türkmenistan bilen serhetdäki gümrük nokadyna baryp gördi. Bu barada tmrl.gov.tm eýran diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habaryna salgylanyp habar berýär.

Saparyň dowamynda diplomat ýerli ýolbaşçylar we ulag kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi. Çeşmäniň belleýşi ýaly, soňky aýlarda ilçi "Lütfabad" we "Bajgiran" serhet nokatlaryna hem şuňa meňzeş saparlar bilen bardy.

Ali Mojtaba Ruzbahani "Serahs" aýratyn ykdysady zolagyny Eýranyň demirgazyk-gündogar bölegini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda üçin täze mümkinçilikleri ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Eýran ilçihanasy türkmen-eýran serhedindäki 4 sany barlag-geçiriş nokatlaryna yzygiderli saparlary mundan beýläk-de dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň