Türkmenistan we ÝB ulag ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýarlar

12:0826.07.2024
0
7950

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow bilen halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Taneli Lahtiniň arasynda geçirilen resmi däl duşuşykda nygtaldy.

Resmiler bar bolan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn taslamalaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň barha artýan ähmiýetini aýratyn bellediler. Şunda ulag ulgamy esasy üns merkezine öwrüldi.

Şeýle hem Türkmenistanda ýakyn wagtda utgaşdyryş platformasynyň açylmagy barada hem pikir alşyldy. Bu platforma Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB-iň ulag ulgamy boýunça ministrlerini bir ýere jemlär we bu pudakda has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki başlangyçlary ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Utgaşdyryjy platforma döretmek barada şu ýylyň ýanwar aýynda ÝB-Merkezi Aziýa ulag baglanyşyklary boýunça Maýadarlar forumynyň dowamynda ylalaşyk gazanyldy. Platforma ösüşe gözegçilik eder, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrar we Hazar ulag geçelgesiniň dowamly ösüşini üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň