Soňky habarlar

Arhiw

R.Meredow Yslamabatda Pakistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

15:1723.07.2024
0
8496
R.Meredow Yslamabatda Pakistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Surat: mofa.gov.pk

Pakistan we Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar. Has takygy, şu gün Pakistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Ishak Dar bilen Yslamabatda saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada «Radio Pakistan» habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda iki tarap hem ýokary derejeli gepleşikleri dowam etdirmek hem-de ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň özara saparlaryny guramak barada ylalaşdylar. Şeýle-de söwda-ykdysady, maýa goýumlar, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garaldy.

Mundan başga-da, taraplar sebit we ählumumy gün tertbiniň möhüm meseleleri babatda hem pikir alyşdylar.

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Yslamabada amala aşyrýan saparynyň çäginde başga-da birnäçe duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Hususan-da, wekiliýetiň ýolbaşçysy daşary işler ministri R.Meredow Pakistanyň döwlet ýolbaşçylary tarapyndan hem kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň