Ýetginjek iň uzyn saçy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

13:4323.07.2024
0
16728
Ýetginjek iň uzyn saçy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Surat: gazeta.ru

ABŞ-nyň Günorta Dakota ştatyndan Ruben Luks Twaýs ýetginjekleriň arasynda iň uzyn saçyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berildi.

Asyl oturymly Lakota indeý halkynyň wekili bolan ýetginjegiň saçynyň uzynlygy 161 santimetre deň. Ol özünden öň bu ugurda rekord goýan hindistanly kämillik ýaşyna ýetmedik oglandan (146 sm) ozdurmagy başardy.

Saçyny ösdürmek onuň ilkibaşdan maksady bolmandyr, ene-atasynyň gürrüňine görä, Ruben dellekhana barmakdan gaty gorkar ekeni. Şonuň üçin ene-atasy onuň saçyny ösdürmegine rugsat beripdirler. Netijede, ol iki ýyllap dellekhana barmandyr. Galyberse-de, Rubeniň halkynda uzyn saç ruhy däp hökmünde kabul edilýär.

Ýetginjek her gün saçyna timar bermek üçin 1,5 sagat sarp edýändigini gürrüň berýär, 20 minut saçyny şampun bilen ýuwýar, bir sagatlap guradýar, 10 minutlap daraýar we örýär.

Ýetginjege saçy ýaraýar, şonuň üçin ol golaý wagtda dellekhana barmakçy däl diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň