Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

07:2623.07.2024
0
8131
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, şeýle hem gallaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyl, hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.

Häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabatlary berdiler.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hem-de hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda bökdençsiz geçirilmegini, azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň