19-njy iýulda Aşgabatda «Gama» logistika kompaniýasynyň «Resmi kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasy bilen bilelikde guramagynda logistika logistika pudagynyň wekilleri üçin möhüm duşuşyk geçirildi. Bu çäre ätiýaçlandyryşyň ýük daşamalary pudagyndaky möhüm ornuna bagyşlandy.
Islendik logistika amalynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ýükleri we ulag töwekgelçiligini ätiýaçlandyrmak zerurlygy ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzugy boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ýük daşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan töwekgelçilikleriniň dürli görnüşlerine, şol sanda howa şertleri sebäpli gijikmeler, tehniki näsazlyklar, ýükleriň zaýalanmagy ýa-da ýitmegi ýaly meselelere garadylar.
Çäräniň dowamynda logistika pudagynda ätiýaçlandyryşyň dört esasy görnüşi jikme-jik gözden geçirildi:
- ýükleri ätiýaçlandyrmak
- daşaýjynyň (ekspeditoryň) jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak
- ulag serişdelerini ätiýaçlandyryşmak
- daşary ýurda gidýän sürüjileriň saglygyny ätiýaçlandyrymak
Logistika we ýük ätiýaçlandyryşyndaky şertnama hukugynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem gatnaşyjylar adaty ýalňyşlyklary ara alyp maslahatlaşdylar we töwekgelçilikleri azaltmak boýunça teklipleri aldylar.
Guramaçylar ýük daşamalary pudagynda ätiýaçlandyryşyň diňe bir garaşylmadyk töwekgelçiliklerden goranmak bolman, eýsem, durnukly işiň strategiki bölegidigini hem bellediler.
Ýüklerini ätiýaçlandyrmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar gönüden-göni «Resmi kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasyna ýa-da «Resmi kepiliň» resmi ätiýaçlandyryş hyzmatdaşy we agenti bolan «Gama» logistika kompaniýasyna ýüz tutup bilerler.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
«Resmi kepil»:
• salgysy: Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, 50;
• telefonlar: (+993 12) 48 46 36, (+993 12) 48 46 37;
• elektron poçta: info@resmikepil.com.
«Gama»:
• salgysy: Aşgabat, A.Nyýazow köçesi, 174;
• telefonlar: (+993 71) 40 99 37, (+993 71) 40 99 38
• elektron poçta: info@gama-tm.com