Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Türkiýäni saýlady

14:1620.07.2024
0
11130

«Altyn Asyr», «Merw» we «Aşgabat» futbol toparlaryndan soň Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary hem daşary ýurtda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar.

Topar şu gün Türkiýäniň gyşky sport görnüşleri bilen tanalýan Kartepe kurort şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Aşgabadyň halkara howa menzilinden Türkiýe Respublikasyna ugrady. «Şagadamyň» Türkiýedäki türgenleşikleri 8-nji awgusta çenli dowam eder.

«Şagadam» Türkiýede ýerli we daşary ýurt toparlarynyň 6-7 sanysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Deslapky maglumatlara görä, «Şagadam» 23-nji iýulda Kuweýtiň «Kuweýt» futbol topary bilen güýç synanyşar. 27-nji iýuldaky garşydaş bolsa Türkiýäniň «Amedspor» futbol topary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň