Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynyň işewür telekeçileri gant şugundyryny köpçülikleýin ekýärler

09:1219.07.2024
0
6445

Gant şugundyrynyň düşewüntli hem peýdaly ekindigine magat göz ýetiren Mary welaýatynyň kärendeçileridir işewür telekeçileri onuň ekişini giňden ýaýbaňlandyrdylar. Olar «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde şu möwsümde gant şugundyryny 17 müň 900 gektarda ekmegi we şondan hem 224 müň tonna hasyl öndürmegi maksat edinýärler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Hasyl ussatlarynyň ekişi öz möhletinde tamamlamagy üçin, olar kuwwatly traktorlar we ekiji gurallar, gant şugundyrynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün edilýär.

Ekiş işleri Garagum, Baýramaly, Türkmengala etraplarynda has-da guramaçylykly alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň