Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň bilim ministri täzelendi

22:5412.07.2024
0
28891

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Jumamyrat Gurbangeldiýew Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellenip, ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Baýramgül Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenip, ol Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň