Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

35 ýaşly amerikalynyň keşbi sosial ulgamdan peýdalanyjylary haýran galdyrdy

16:4011.07.2024
0
12817
35 ýaşly amerikalynyň keşbi sosial ulgamdan peýdalanyjylary haýran galdyrdy
Surat: gazeta.ru

Sosial ulgamyň ulanyjylaryny 35 ýaşly amerikaly erkek kişiniň daş keşbi haýran galdyrdy diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Olaryň pikiriçe, amerikaly heniz hem kollejiň talybyna meňzeýär.

Brendon Maýlz Meý sosial ulgamda özüniň juwan keşbi bilen meşhurlyk gazandy. Onuň golaýda 35 ýaşy doldy, emma ol ýetginjege meňzeýär diýlip, habarda ýazylýar. Emma Meý özünde hiç hili genetiki keseliň ýokdugyny, «garrylyga garşy uruş yglan edendigini» gürrüň berýär.

Ol kadaly berhiz tutýandygyny, günüň astynda asla bolmaýandygyny, gije-gündizde azyndan sekiz sagat uklaýandygyny aýdýar. Erkek kişi şeýle hem agyr zähmetden gaça durýar.

«Howa menzilinde howpsuzlyk gullugyndan geçýärkäm, ýaşymy aýdanymda, olar maňa ynanman, gaýtadan seredýärler» diýip, Brendon gürrüň berýär.

Brendon şeýle-de özüniň fiziki ýagdaýynyň mundan on ýyl öňküden has gowudygyny sözüniň üstüne goşdy.

Sosial ulgamyň ulanyjylary onuň eýýäm kyrkyň bir çetinden girendigine ynanmagyň kyndygyny, eger köçede duşaýsalar, mekdep okuwçysy hasap etjekdiklerini ýazýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň