Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Realda» Mbappeniň tanyşdyryljak güni belli boldy

10:5511.07.2024
0
6010

Madridiň “Realy” 16-njy iýulda täze hüjümçisi Kilian Mbappeni resmi taýdan tanyşdyrar. Tanyşdyryş çäresi Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da geçer we futbolçynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty bolar.

Mbappe 3-nji iýunda “Pari Sen-Žermenden” Madridiň “Realyna” erkin agent hökmünde hiç hili tölegsiz goşuldy. Oýunçynyň şertnamasy bäş ýyllyk.

25 ýaşly fransuz hüjümçisi täze geçen klubunda 9-njy belgi bilen çykyş eder. Mundan başga-da, klub beýleki oýunçylaryň arasynda sanlaryň gaýtadan paýlanýandygyny habar berdi. Şeýlelik bilen, ozal 12-nji belgide çykyş edýän Eduardo Kamawinga indi 6-njy belgide oýnar. Federiko Walwerde sekizinji belgini, Orelýen Tçuameni bolsa 14-nji belgini aldy. Türk futbolçysy Arda Güler 15-nji, Hesus Walýeho bolsa 18-nji belgide bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň