Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

23:0006.07.2024
0
3411
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Aşgabada sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen hem duşuşdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen binýady goýlan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Gahryman Arkadag myhmany mähirli mübärekläp, onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolup, halkara durmuşa işjeň gatnaşýar we netijeli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär.

Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlar esasynda kabul edilen Kararnamalar, şol sanda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar türkmen döwletiniň başlangyçlarynyň halkara bileleşigiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

--- Ýurdumyz BMG bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa meseleleri ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk edýär --- diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we ählumumy häsiýetli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýandygyny aýdyp, şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Geljegiň sammitinde-de Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary öňe sürmegine garaşýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň