Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurdy

15:3606.07.2024
0
9558

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikler tamamlanansoň, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli myhmany --- Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglady. Bu barada TDH habar berýär.

--- Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadynyň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly döredildi. Men bu medal bilen ilkinji nobatda Sizi sylaglamak barada karara geldim we degişli resminama gol çekdim. Häzir men Size bu medaly uly hormat bilen gowşurýaryn --- diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Medal Antoniu Guterrişe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we bitaraplyk syýasatyny berkitmek, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny giňeltmek we baýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan işlere uly şahsy goşandy, şeýle hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gowşuryldy.

Şeýle-de çeşmede bellenilmegine görä, Antoniu Guterriş beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýän, agzybirlige, dostluga we ynsanperwerlige, bütin Ýer ýüzünde parahatçylygyň rowaçlanmagyna çagyrýan filosofiki garaýyşlarynyň örän ýerliklidigini belläp, belent hormat üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň