Şu gün, günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, belent mertebeli myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.
Aşgabat Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikiçäk duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak meseleleri babatda pikir alşyldy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Aşgabat Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagt şäherindäki kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasyna bardylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary dowam edýär.
Baş sekretar Antoniu Guterriş mundan öň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda saparda boldy. Ol Gazagystanda ŞHG-niň Astana sammitine hem gatnaşdy.
Belläp geçsek, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş mundan ozal 2017-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolupdy.