Top.Mail.Ru

Aziýadaky yssy sebäpli kofe güýçli gymmatlady

15:0905.07.2024
0
7426
Aziýadaky yssy sebäpli kofe güýçli gymmatlady
Surat: gazeta.ru

Dünýäde kofeniň bahasy ýylyň ikinji çärýeginiň jemleri boýunça ýene 18-20 göterim gymmatlady, muňa Aziýadaky adatdan daşary yssy howa sebäp boldy diýip, «Nikkei Asia» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýagny aprel-iýun aralygynda bu önümiň robusta görnüşine fýuçersleriň bahasy martdaka garanda, 18,1 göterim ýokarlanyp, tonna üçin 4394 dollara deň boldy. Şol bir wagtda arabika görnüşiniň fýuçersleriniň nyrhy 20,6 göterim ösüş görkezdi.

Birža kotirlemeleriniň ösüşine Günorta-Gündogar Aziýada yssy howa sebäp bolýar. Aprelden bäri Wýetnamda, Tailandda we Filippinlerde howanyň derejesi kadadan ýokary bolmagynda galýar. Fermerler ikinji ýyldyr, pes hasyl almakdan ätiýaçlanýarlar. Bu bolsa, isleg bilen teklibiň arasyndaky sazlaşyksyzlygy ýitileşdirer hem-de nyrhlaryň ýene-de gymmatlamagyna getirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň