Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretary 5-nji iýulda Aşgabada geler

15:0805.07.2024
0
13828

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäginde Türkmenistana geler. Bu barada HHM habar berýär.

Aşgabat şäherine boljak sapar BMG-niň Baş sekretarynyň sebite amala aşyrýan saparynyň jemleýji tapgyry bolar. Mundan ozal Guterreş Özbegistanda, Täjigistanda hem-de Gazagystanda saparda boldy. Ol Gazagystana amala aşyran saparynyň çäginde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem gatnaşdy.

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana boljak resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we ýurduň beýleki ýokary derejeli hökümet wekilleri bilen duşuşyklary geçirer. Saparyň meýilnamasyndan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we bu ugurda ýerli wekiller bilen aragatnaşyk gurmak boýunça taslamalar bilen tanyşlyk hem orun alýar.

Saparyň çägindäki esasy wakalaryň biri BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi edarasynyň açylyş dabarasy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň