Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşmagyna garaşylýar

14:3103.07.2024
0
11651

3-4-nji iýylda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde guraljak «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada «Ria.ru» resmi habarlarynda mälim etdi. Bellenilmegine görä, «ŞHG+» duşuşygynyň gün tertibindäki meseleler köptaraplaýyn gepleşikleri, durnukly parahatçylyga we ösüşe bolan islegi güýçlendirmek, ŞHG bilen duşuşyga gatnaşyjy beýleki ýurtlaryň halkara we sebit meselelerinde hyzmatdaşlygy bilen bagly bolar.

Şeýle görnüşde ilkinji gezek geçiriljek duşuşyga Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Azerbaýjanyň, Kataryň, Mongoliýanyň, Türkiýäniň döwlet Baştutanlary, BAE-niň hökümet Baştutany hem-de çagyryldy.

Duşuşyk 4-nji iýulda Astana şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň