Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty çap edildi.
Maglumatymyň esasy maksady Türkmenistanda adamyň we raýatyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilşinde 2023-nji ýylda ýetilen sepgitleriň netijesine syn bermekden we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň (mundan beýläk — Adalatçy) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran işleri barada beýan etmekden ybaratdyr.
Maglumat aşakdaky möhüm ugurlary öz içine alýar:
- Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy;
- Raýat we syýasy hukuklar;
- Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar;
- Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme;
- Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri;
- Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi;
- Halkara hyzmatdaşlygy;
- Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri;
Resminamada her bölüm boýunça statistik maglumatlar we mukdar görkezijileri hem ýerleşdirilipdir.
Maglumatyň doly görnüşi bilen Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda Adalatçynyň wezipesini 2017-nji ýylyň 20-nji martyndan bäri Ýazdursun Gurbannazarowa ýerine ýetirýär.