Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystandaky suw süýşgünlerinde bäş adam heläk boldy

15:3101.07.2024
0
6778
Gyrgyzystandaky suw süýşgünlerinde bäş adam heläk boldy
Surat: belta.by

Gyrgyzystanyň günortasyndaky suw süýşgünlerinde bäş adam gurban boldy. Bu barada ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

Tebigy betbagtçylyk Oş oblastynyň Nookat etrabyna aralaşdy, ol ýerde güýçli ygal sebäpli dörän sil joşmasy iki köprini we elektrik sütünlerini ýykdy, 15 hususy howlyny gark etdi.

Suw süýşgünleri ýedi adamy äkitdi, olaryň bäşisi heläk boldy, ikisi gözlenilýär.

«Abşyr-Ata» dynç alyş zolagynda ýollaryň birini suwuň hatardan çykarmagy sebäpli 1,3 müň adam daşky dünýäden üzňe galdy.

Ýagdaý bilen baglylykda, Nookat etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň