Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Idea+» agentligi Belarusuň bäş abraýly uniwersitetine kabul edişligiň dowam edýändigini ýatladýar

14:4201.07.2024
0
11551

Belarusuň öňdebaryjy uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Idea +» agentligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edişligiň dowam edýändigini habar berýär.

«Idea +» Belarusuň bäş sany abraýly uniwersitetinde okamak mümkinçiligini hödürleýär:

• Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU);
• Belarus döwlet informatika we radiotehnika uniwersiteti (BDIweRU);
• Belarus Milli tehniki uniwersiteti (BMTU);
• Belarus döwlet uniwersiteti (BDU);
• Ýanka Kupala Grodnen döwlet uniwersiteti.

Belarus halkara derejesinde elýeterli, ýokary hilli bilimi hödürlemek bilen, daşary ýurtly talyplar üçin barha özüne çekiji ýurda öwrülýär.

Ine, Belarusda okamagy saýlamagyň käbir sebäpleri:

okuwyň töleginiň elýeterliligi. Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde okamak Ýewropa ýurtlaryndakydan hem-de ABŞ-dan görnetin arzan bolup, şol bir wagtyň özünde hem ýokary hillidir.

ýokary hilli bilim. Belarusuň bilim ulgamynyň baý taryhy we ajaýyp däpleri bar. Belarus ýokary okuw mekdepleriniň diplomlary bütin dünýäde iş berijiler tarapyndan ýokary baha eýedir.

hünärleriň köpdürli görnüşi. Belarusda lukmançylyk we inženerçilikden başlap, maglumat tehnologiýalaryna (IT) hem-de ynsanperwer ylymlara çenli dürli hili hünärlerde okap bolýar.

rus we iňlis dillerinde okamak şerti. Belarus ýokary okuw mekdepleriniň aglabasynda rus dilinde bilim berilýär. Şeýle-de, iňlis dilinde geçilýän okuwlar hem giňden ýaýrandyr.

howpsuz we amatly gurşaw: Belarus — Ýewropanyň iň howpsuz ýurtlarynyň biridir. Bu ýerde jenaýatçylygyň derejesi örän pes bolup, dostlukly gurşawdyr.

«Idea +» agentligi türkmenistanly dalaşgärlere agzalan okuwlara girmekde hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyr. Kompaniýanyň hünärmenleri ýokary okuw mekdebini we hünäri saýlamak babatda degerli maslahatlary bererler, şeýle-de zerur resminamalary toplamaga hem-de düzetmäge kömek ederler.

Has giňişleýin maglumat almak üçin «Idea +» agentligi bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 71) 51 84 37, (+993 71) 55 04 85. Maslahata ýazylmak üçin şu salgylanma arkaly anketany dolduryň.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň