Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baýden bilen Tramp teleýaýlymda pikir alyşdylar

04:2329.06.2024
0
8011
Baýden bilen Tramp teleýaýlymda pikir alyşdylar
Surat: rg.ru

Atlantada ABŞ-nyň Prezidentiniň wezipesine esasy dalaşgärler – häzirki Prezident Jo Baýden bilen öňki Prezident Donald Trampyň arasynda teleçekişme boldy diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «24KZ» habar berýär. Gyzgyn jedelleşme 90 minut dowam etdi. Ol başlanandan garşydaşlar daşary syýasat, ykdysadyýet we bikanun göçegçiligi maslahatlaşyp, jedelleşdiler.

Teleçykyş tamamlanandan soňra guralan pikirsoralyşyk taraplaryň deň derejede täsirli çykyş edendigini görkezdi, emma Tramp 67 göterim görkeziji bilen has ynandyryjy çykyş etdi, Baýden sesleriň 33 göterimini aldy diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň