Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşar Güler bilen duşuşdy

23:4826.06.2024
0
10794
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşar Güler bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşykda Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkiýe Türkmenistanyň ähmiýetli söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalarynyň we işewürleriniň alyp barýan netijeli işleri muňa mysal bolup biler.

Söhbetdeşligiň barşynda ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Türkiýe goranmak senagaty babatda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda harby ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň