Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow: «Pakistan Günorta Aziýada Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri»

23:5425.06.2024
0
6432
Gurbanguly Berdimuhamedow: «Pakistan Günorta Aziýada Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri»
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda saldamly şahsy goşandy nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan etdi hem-de iki halkyň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan, dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Pakistan Yslam Respublikasynyň Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.

Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadag we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Sebitde bilelikdäki energetika we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň hem uly ähmiýete eýedigi barada aýdyldy. Bu iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şunda Türkmenistanyň öz tarapyndan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleriň ilerledilmegini goldamaga taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain iki ýurduň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge çalyşýandygyny tassykladylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň