Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy boldy

17:4625.06.2024
0
9519

Şu gün Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Baýramçylygyň çäginde Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky Gazagystanyň milli aýdym-sazly we drama teatrynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde aýdym-sazly we drama teatrynyň eýwanynda Türkmenistanyň amaly-haşam, surat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy.

Bir gün öň, 24-nji iýunda gazagystanly tomaşaçylara türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Istärin» atly çeper film görkezildi.

Ertir Türkmenistanyň amaly-haşam we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi K.Kuanyşbaýew adyndaky teatrda dowam etdiriler we türkmen modasynyň sergisi bolar. Şol günki maksatnamanyň çäginde «Gyzyl alma» atly türkmen çeper filmi görkeziler.

Çeşmäniň habaryna görä, 27-nji iýunda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň iň oňat döredijilik toparlarynyň gala konserti bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň