Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinden tapylan altyn teňňeler Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy

14:5924.06.2024
0
20996

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary Annamuhammet Durdyýew we Bibijemal Berdigylyjowa tarapyndan tapylan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri, 8 sany dürli reňkdäki tapyndylar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Bu barada «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Annamuhammet Durdyýew bu tapyndy barada şeýle gürrüň berýär:

«Şeýle gymmatly hazynany tapyp bilendigime henizem ynanamok. Munuň möhüm taryhy açyşdygyna derrew düşündim we şonuň üçin tapyndylar barada ýerli häkimiýetlere habar berdim. Bu açyş sebitimiziň taryhyna täze öwüşgin çaýýar. Bu taryhyň bir bölegi bolmagyň maňa nesip edendigine örän begenýärin».

Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgençli türkmenleriň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal ýurduň demirgazyk welaýatynyň şeýle ähmiýetli taryhy tapyndynyň üstüni açan ýaşaýjylarynyň gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň