Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy işler bilen bagly täze resminama gol çekdi

08:3022.06.2024
0
10025

Türkmenistanda ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 21-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi we resminamany wise-premýer N.Amannepesowa sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda alnyp barylýan ylmy maksatnamalaryň (taslamalaryň), meýilnamalaryň we hasabatlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň