Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde 22-nji iýundan 27-nji iýuna çenli Medeniýet hepdeligi geçiriler

21:0320.06.2024
0
11908

Şu ýyl Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi 22-nji iýundan 27-nji iýuna çenli täze “akylly” şäherde, Arkadag şäherinde geçiriler.

“Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiriniň ýazmagyna görä, şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň tematikasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylmagynyň 1 ýyllygy bilen baglydyr.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda “Kompozitor” atly çeper filmiň we “Alem nury” spektaklynyň görkezilmegine garaşylýar.

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki "Göroglynyň döreýşi" atly teatr spektaklyny taýýarlady.

Şeýle-de Arkadag şäherinde şygryýet agşamlary guralar we ýylyň şygary mynasybetli yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynda sergiler, maslahatlar, döredijilik duşuşyklary geçiriler.

Belläp geçsek, açylan ýylynda Arkadag şäherinde Wena baly we halkara kinofestiwal hem üstünlikli geçirildi. Bu ýerde ylmy maslahatlar, medeni-köpçülikleýin we bilim ulgamyna degişli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Ozal hem Türkmenistanda 2024-nji ýyldaky Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde geçiriljekdigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň