Gurban baýramynyň ilkinji gününde başlanan toý çäreleri Arkadag şäherinde uly ruhubelentlikde dowam etdi. Adamlar günüň dowamynda birek-biregiň agzybir we bereketli ojaklaryna baryp, gurbanlyk sadakalaryndan duz-tagam dadyp, iň päk arzuw-dileglerini beýan etmek bilen birlikde, baýramçylyk mynasybetli guralýan çärelere gatnaşdylar. Bu barada HHM habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ýaşlar belent we owadan hiňňildiklerde bat alyp uçmak bilen, bu gadymy dessuryň häzirki wagtda-da mynasyp we döwrebap derejede dowam etdirilýändigini görkezýärler. Çünki Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini açyp görkezýän, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar türkmen halkynyň agzybir, bolelin durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen diňe öňe – beýik geljege gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşyna täze öwüşgin çaýýar.
Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde görnükli sungat ussatlary, aýdym-saz döredijilik toparlary baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler.
Gurban baýramy mynasybetli guralan konsert dabaralaryna gatnaşanlar häzirki döwürde ýurtda milli ýörelgeleriň ösdürilmegi, halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy we türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklarynyň dabaralanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändikleri üçin döwlet Baştutanyna we Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.