Soňky habarlar

Arhiw

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler

11:3818.06.2024
0
7690

Şu günler Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna dünýä döwletleriniň ýokary derjeli ýolbaşçylaryndan we halkara guramalaryň wekilleriniň adyndan gutlag hatlary gelip gowuşýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewiň gutlag hatynda şeýle sözler bar:

«Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Pikirlenmegiň we şükür etmegiň wagty bolan bu baýram agzybirligi hem-de rehimdarlygy alamatlandyrýar. Bu mübärek günlerde biz umumy mirasymyzyň güýjüni, bizi jebisleşdirýän gymmatlyklary ýatlaýarys.

Bu gün biz türki döwletleriň arasyndaky berk gatnaşyklaryň şaýady bolýarys hem-de geljek aýda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu sammit biziň hyzmatdaşlygymyzy we geljege bolan umumy garaýyşlarymyzy has-da pugtalandyrar.

Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň